Türkmenistanyň Prezidenti BAE-nyň Premýer-ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

20:3409.10.2021
0
3686

«Türkmenportalyň» habar berşi ýaly, şu gün – 9-njy oktýabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň Birleşen Arap Emirliklerine iş sapary başlandy. Saparyň çäklerinde türkmen Lideri BAE-nyň ýolbaçy düzümi bilen duşuşdy. Bu barada Emirlikleriň resmi saýtlary habar berýär.

Dubaý şäherinde geçirilýän «EKSPO-2020» bütindünýä sergisiniň baş edarasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň we türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagynda Emirlikleriň ýokary wezipeli ýolbaçy düzüminiň arasynda gepleşikler geçirildi. Onuň netijeleri boýunça ykdysadyýet, maýa goýum, energetika pudagy ýaly iri ugurlar boýunça ikitaraplaýyn şertnamalara gol çekildi.

BAE-nyň Premýer-ministriniň orunbasary jenap Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahýan BAE-nyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, ykdysadyýetiň we ösüşiň dürli ugurlarynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge berýän ähmiýetine ünsi çekdi.

Duşuşykda taraplar iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary, şeýle hem özara gyzyklanma bildirýän birnäçe meseläni we resminamalary ara alyp maslahatlaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň