Berdimuhamedow Putini doglan güni bilen gutlady

17:0707.10.2021
0
7347

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Türkmen Lideri russiýaly kärdeşini doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de berk jan saglyk, abadançylyk, dostlukly döwletiň halkynyň bähbidine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda täze üstünlikleri arzuw etdi. Bu barada rus Lideriniň Metbugat gullugy habar berýär.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda giň ugurlar boýunça sazlaşykly ösdürilýän türkmen-rus gatnaşyklarynyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Wladimir Putin birek-birege berk jan saglyk, alyp barýan jogapkärli döwlet işlerinde üstünlikler, iki ýurduň dostlukly halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň