Soňky habarlar

Arhiw

«Match TV» Russiýanyň Premýer-ligasynyň duşuşyklaryny ýaýlyma bermek hukugyny ýene dört ýyllap özünde saklar

21:4405.10.2021
0
3118
«Match TV» Russiýanyň Premýer-ligasynyň duşuşyklaryny ýaýlyma bermek hukugyny ýene dört ýyllap özünde saklar

«Match TV» we Russiýanyň Premýer-ligasy (RPL) Russiýa çempionatynyň oýunlaryny ýaýlyma bermek üçin dört ýyllyk şertnama baglaşdylar. Bu barada teleýaýlymyň metbugat beýanatynda aýdylýar.

Hyzmatdaşlygyň täze tapgyrynyň çäginde liganyň oýunlaryny ýaýlyma bermek üçin işçi topary dörediler.

Dört möwsümlik ozalky şertnama 2018-nji ýylyň iýul aýynda gol çekilipdi.

"Match TV" teleýaýlymynyň Türkmenistanyň çägindäki IPTV ýaýlym ulgamynda elýeterlidigini we raýatlaryň arasynda meşhurdygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň