Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamedow Daşkentde özbek kärdeşi bilen duşuşdy

12:3905.10.2021
0
5915

Şu gün – 5-nji oktýabrda Daşkent şäherinde ýerleşýän Kuksaroý kabulhanasynda Türkmenistanyň Prezidentini resmi garşylamak dabarasy geçirildi. Bu barada özbek lideriniň metbugat gullugynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Soňra Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Şawkat Mirziýoýewyň arasynda ikiçäk gepleşikler geçirildi.

Duşuşygyň başynda özbek lideri türkmen kärdeşini Özbegistana sapar bilen gelendigine hoşallygyny bildirip, 27-nji sentýabrda bellenilip geçilen ýurduň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen ýene-de bir gezek gutlady, doganlyk türkmen halkyna parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdi.

– Duşuşyklarymyzyň her biri taryhy we ähmiýetli waka. Gazanylan ähli ylalaşyklar amala aşdy we halklarymyza hyzmat edýär. Bu gün hyzmatdaşlygymyzyň möhüm meselelerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşarys we uzak möhletleýin täze ylalaşyklary baglaşarys. Saparyňyz sebit we halkara derejesindäki hyzmatdaşlygy giňelder — diýip, Şawkat Mirziýoýew aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti myhmansöýerligi üçin özbek kärdeşine minnetdarlyk bildirip, iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejede ösdürilýändigini belledi.

– Özbegistan — biziň ýakyn goňşymyz we strategik hyzmatdaşymyz. Soňky ýyllarda biziň hyzmatdaşlygymyz depginli ösýär. Olar syýasatda, söwda, ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlarda öz beýanyny tapdy. Sebit we halkara meselelerinde birek-birege goldaw berýäris. Maksatlarymyz birmeňzeş - diýip, türkmen Lideri belledi.

Duşuşykda döwlet Baştutanlary köp asyrlyk dostluk, hoşniýetlilik, strategik hyzmatdaşlyk, birek-birege ynam we goldaw ýörelgelerine esaslanýan häzirki ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň derejesine ýokary baha berdiler. Döwlet Baştutanlary konstruktiw syýasy gepleşikleri berkitmäge, söwda, ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygy giňeltmäge, medeni we ynsanperwer gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga aýratyn üns berip, türkmen-özbek köptaraply hyzmatdaşlygyň ähli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Soňky dört ýylda özara söwda üç esse artdy. Şu ýylyň başyndan bäri söwda dolanyşygy 25% ýokarlandy we 400 million dollardan geçdi.

14-nji sentýabrda geçirilen Hökümetara toparyň 16-njy mejlisiniň, şeýle hem 4-nji oktýabrda Daşkentde geçirilen Türkmen-özbek ykdysady forumynyň netijeleriniň özara peýdaly söwda we ykdysady gatnaşyklary has-da giňeltmäge hyzmat etjekdigi bellenildi.

Aýry-aýrylykda iki ýurduň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçilikleri aýratyn nygtaldy. Muňa mysal hökmünde Türkmenistanyň Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň ýolbaşçylarynyň şu ýylyň 22-nji sentýabrynda Özbegistanyň Buhara we Horezm sebitlerine dostlukly saparlaryny görkezmek bolar. Prezidentler şeýle yzygiderli duşuşyklaryň iki ýurt bilen halklaryň arasynda özara düşünişmegi we jebisligi güýçlendirmek üçin hyzmat etjekdigini bellediler.

Duşuşykda suw pudagyndaky hyzmatdaşlyga ýokary baha berildi. Taraplar 13-nji sentýabrda Daşkent şäherinde hökümetara suw dolandyryş meseleleri boýunça toparyň ilkinji mejlisiniň üstünlikli geçirilendigini bellediler. Şeýle hem sebit we halkara gün tertibi barada pikir alyşdylar. Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw ýygnaklarynyň yzygiderli geçirilmeginiň we şu ýylyň 6-njy awgustynda Awazada geçirilen soňky ýygnakda gazanylan şertnamalaryň ýerine ýetirilmeginiň ähmiýeti nygtaldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň