Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy

13:3704.10.2021
0
8045

,,Türkmennebit’’ döwlet konserniniň ,,Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri’’ syýasy-jemgyýetçilik we ylmy-publisistik žurnalynyň nobatdaky üçünji sany çapdan çykdy. Bu ýerde ýurduň nebitgaz toplumynyň resmi saýty habar berdi.

Nebitgaz toplumynyň we onuň ylmy edaralarynyň, beýleki ylmy-barlag institutlaryň işgärleriniň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlarynyň ýurdumyzyň nebitgaz toplumyndaky özgerişler, amala aşyrylan we alnyp barylýan işler, Prezident maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilişi hakynda makalalaryny, ylmy seljermelerini, tekliplerini hem-de pikirlerini üç dilde yzygider çap edýän neşiriň täze sanynda okyjylaryň ünsüni çekjek materiallaryň birnäçesi ýerleşdirilipdir. Žurnalyň bezeg işleriniň hem ýokary derejede ýerine ýetirilendigini bellemelidir.

Neşiriň ilkinji sahypalary žurnalyň jogapkär redaktory Muhammetmyrat Atagarryýew bilen ,,Türkmennebit’’ DK-nyň Halkara hyzmatdaşlyk we maýa goýum taslamalary bölüminiň baş hünärmeni Gülälek Ýüzbaşyýewanyň ,,Garaşsyzlyk -- halkymyzyň owazy’’ makalasy bilen açylýar. Onda ýurdumyzyň Garaşsyzlyk döwründe ýeten sepgitleri, mineral çig mal binýady, ýangyç-energetika senagatynyň kuwwaty barada söbet açylýar.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň dosenti, tehniki ylymlaryň kandidaty Arslan Geldimyradowyň ,,Ýerasty gaz saklawhanasynyň ulanylyşyny gözegçilikde saklamagyň tehnologiýasy’’ diýen makalasy möhüm temany gozgaýar. Awtoryň bellemegine görä, ýerasty gaz saklawhanasy (ÝGS) çylşyrymly ylmy-tehniki mesele bolmak bilen, emeli gaz känini döretmeklikdir. Geçirilen barlaglaryň esasynda, Türkmenistanyň şertinde ÝGS üçin oňaýly geologiki gurluşlar hökmünde suwly gatlaklary ulanyp bolýandygy anyklanyldy.

,,Türkmennebit’’ DK-nyň Nebit pudagyny seljeriş, jemleýiş we innowasion tehnologiýalar bölüminiň başlygy, tehniki ylymlaryň kandidaty Ramazan Udumowyň ,,Ýurdumyzyň nebit pudagy – Garaşsyzlyk ýyllarynda’’ diýen makalasynda adyndan belli bolşy ýaly, nebit pudagynyň özygtyýarlygymyzyň gazanylmagynyň netijesinde depginili ösüşi, häzirki döwürde alnyp barylýan işler, nebit senagatynyň geljegi, daşary ýurt kompaniýalary bilen amala aşyrylýan netijeli hyzmatdaşlyk hakynda gürrüň berilýär. Bu pudak hemişe bolşy ýaly, milli ykdysadyýetimizde möhüm orunda durýar.

Žurnalyň şu sanyndaky ,,Türkmennebit’’ DK-nyň başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanow bilen ,,Türkmengaz’’ DK-nyň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň ylmy işgäri, tehniki ylymlaryň kandidaty Annaguly Derýaýewiň ,,Nebit ýataklaryny işläp geçmegiň esaslary’’ atly makalasynda nebit ýataklaryny rejeli işläp geçmek, ýatagy rejeli işläp geçmek üçin ulanylyş desgalarynyň dogry saýlanylmagy, ulanyş desgalarynyň bölünip berilmegi, işläp geçmegiň her bir görnüşi üçin düýpli maýa goýumlarynyň we ulanyş çykdajylarynyň möçberiniň anyklanyşy, nebitiň özüne düşýän gymmatynyň ýüze çykarylyşy hakynda ylmy seljermeler beýan edilýär.

Žurnalyň beýleki materiallarynda Altyguýy käniniň hasaplama görkezijileriniň kesgitlenilişi, Günorta-Günbatar Türkmenistanyň nebitgaz ýataklarynyň gurluşara eňňitleriniň nebitgazlylyga bolan gelejegi, ýylylyk turbaly gelioguradyjy desgasy barada ,,Türkmengaz’’, ,,Türkmennebit’’ döwlet konsernleriniň ylmy edaralarynyň işgärleriniň hem-de Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymlarynyň ylmy pikirleri aýdylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň