TDHÇMB-de daşary ýurt walýutasynda 21 million dollarlyk 28 geleşik baglaşyldy

23:5503.10.2021
0
8074

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda ABŞ-nyň 21 million 218 müň dollaryndan gowrak bolan geleşikleriň 28-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Türkiýäniň, Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtoulag benzinini we göni arassalanan benzini, uçar kerosinini, suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.

Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna dürli kysymly awtoulaglar, float list aýnasy, nah ýüplük, bakja önümleri ýerlenildi. Olary Türkiýäniň, Gazagystanyň, Owganystanyň, Ukrainanyň, BAE-niň, Gyrgyzystanyň telekeçileri satyn aldylar.

Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparlarynyň wekilleri bahasy 5 million 628 müň manatlykdan gowrak bolan nah ýüplügini satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri 813 müň manatlyk dürli görnüşli mator ýagyny satyn aldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň