Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Türkmenistanda halkara maslahatlaryň ikisi geçiriler

23:2001.10.2021
0
13238

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew Hökümetiň şu gün geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanyna Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli geçiriljek çäreler, hususan-da, «Lukmançylyk diplomatiýasy — sagdyn dünýäniň binýady» atly lukman alymlaryň halkara forumyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Her ýyl 10-njy oktýabrda bellenilýän saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy mynasybetli birnäçe çäreler göz öňünde tutuldy.

Şeýle hem baýramçylygyň öň ýanynda BSGG tarapyndan Bütindünýä palliatiw saglygy goraýyş kömek güni mynasybetli wideoaragatnaşyk arkaly geçiriljek halkara maslahata gatnaşmak meýilleşdirilýär.

Dürli ulgamlarda Diýarymyzyň saglygy goraýşynyň gazanan üstünliklerine bagyşlanan ylmy-amaly maslahatlar ýurdumyzyň welaýatlarynyň saglygy goraýyş edaralarynda hem guralar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahatlaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň