Ministrler Kabinetiniň 1-nji oktýabrda geçirilen sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisiniň barşynda wise-premýer S.Berdimuhamedow hormatly Prezidentiň garamagyna Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan taýýarlanan 2022-nji ýylda Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwynyň şygarynyň we nyşanynyň taslamalary hödürlenildi. Şolar geçirilen bäsleşigiň netijeleri boýunça seçilip alyndy.
Milli Lider Gurbanguly Berdimuhamedow geljek ýylda geçiriljek ýazuwyň baş maksadynyň ilatyň demografik düzümi hem-de ýurdumyzyň raýatlarynyň durmuş-ykdysady ýagdaýy barada anyk maglumatlary almakdan ybaratdygyny belledi. Munuň özi döwletimiziň mundan beýläk-de ösmegi üçin ygtybarly binýady goýmaga mümkinçilik berer.
Döwlet Baştutany “Ilat ýazuwy — 2022: Jebislik, Bagtyýarlyk, Röwşen geljek” diýen şygaryň hem-de nyşanyň hödürlenen taslamalaryny makullady. Nyşanda Döwlet baýdagy, türkmeniň ak öýi, türkmen halysynyň gölleri hem-de çäräniň geçirilýän ýylyny alamatlandyrýan “2022” san şekillendirildi. Milli Lider bu çäräni halkara talaplara laýyklykda, üstünlikli geçirmek maksady bilen, oňa taýýarlanmak boýunça ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.