Soňky habarlar

Arhiw

«Gerekli» internet dükanynda iň täze «iPhone 13 Pro» smartfony elýeterli boldy

12:5101.10.2021
0
12395

«Gerekli» onlaýn söwda meýdançasy örän seýrek (unikal) aksiýany – täze «Apple iPhone 13 Pro» smartfonyny sargyt etmek etmek mümkinçiligini yglan etdi. Harytlaryň mukdary çäklidir.

«iPhone 13 Pro» smartfony dört reňkde – altyn, kümüş, grafit (grafit - garamtyl-çal ýa-da gap-gara mineral, uglerodyň bir görnüşi) we asman reňkine meňzeş reňkde bolýar.

«iPhone 13 Pro» smartfony şu ýylyň 14-nji sentýabrynda «iPhone 13» we «iPhone 13 mini» modelleri bilen bilelikde çykdy.

«iPhone 13 Pro» smartfony iOS 15 operasion ulgamy, «A15 Bionic» prosessory bilen enjamlaşdyrylandyr. Bu akylly telefonyň operatiw ýadynyň ululygy 6 GB, dört görnüşdäki gaty disk ýadynyň ululygy bolsa, degişlilikde 128, 256, 512 GB we 1 TB.

«iPhone 13 Pro» smartfonynyň uzynlygy 146,7 mm, ini 71,5 mm. Yzky çep tarapda üç kameraly modul bar, ekran çydamly «Ceramic Shield» aýnasy bilen goralýar.

«iPhone 13 Pro» smartfonyny satyn almagyň şertleri bilen doly tanyşmaklyk üçin şu ýere basyň.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň