Türkmenistan Türki geňeşe synçy hökmünde goşular

09:5729.09.2021
0
9447

Türkmenistan şu ýylyň 12-nji noýabrynda Türki geňeşiň Stambul şäherinde geçiriljek VIII sammitiniň dowamynda resmi taýdan bu guramanyň synçysy derejesine kabul ediler. Bu barada Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlut Çawuşoglunyň sözlerine salgylanyp, Interfaks habar berýär.

Türkiýäniň DIM-niň ýolbaşçysynyň bellemegine görä, nobatdaky sammitde Türki geňeşiň geljekki alyp barjak işine täsirini ýetirjek taryhy çözgütler kabul ediler.

Şu ýylyň iýun aýynda guramanyň Baş sekretary Bagdad Amreýew bilen geçiren duşuşygynda türkmen Lideri Türki geňeşe agza döwletleriň Baştutanlarynyň nobatdaky sammitine gatnaşjakdygyny mälim edipdi.

Ýeri gelende nygtasak, şu ýylyň 31-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň sanly ulgam arkaly geçirilen resmi däl maslahatyna hormatly myhman hökmünde gatnaşyp çykyş etdi we ýurdumyzyň Bitarap döwlet hökmünde sebit we halkara gün tertibiniň derwaýys meseleleriniň çözgüdini tapmak boýunça bilelikdäki tagallalara ygrarlydygyny ýene bir gezek tassyklady. Umumy abadançylygyň hem-de durnukly ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän köpugurly döwletara hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam bermek nobatdaky forumyň esasy maksady bolup, ol Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlaryny hem öz içine aldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň