Soňky habarlar

Arhiw

Antarktikada düwlenler azalýarlar

12:3628.09.2021
0
1296
Antarktikada Ueddel düwlenleriniň sanynyň öň hasap edilýäninden sekiz göterim azdygy belli boldy. Bu barada Science Advances ylmy žurnalynyň geçen şenbede, 25-nji sentýabrynda çap edilen sanynda aýdylýar. Žurnal bu gezek ýörite ylmy barlaglaryň netijesine bagyşlanan makalany ýerleşdirdi.
Şeýle pikire gelmäge Antartikanyň bütin kenarýakalarynda meýletinçiler tarapyndan geçirilen hemra arkaly surata alnyş işlerini seljermegiň netijeleri esas berdi. Fotosuratlarda Uedell düwlenleriniň 200 müň sanysyny görmek bolýar.
Alymlar olaryň köpelmegi üçin kenarýakalardaky gozganmaýan buzluk meýdanlaryň gerekdigini nygtaýarlar. Düwlenler hut şeýle durnukly meýdanlarda köpelýärler. Olaryň şeýle hem “patyşa düwlenler” diýlip atlandyrylýan görnüşden uzak aralykda ýerleşmegi gerek, çünki bu iki görnüş balyk awlamak babatda birek-birek bilen çaknyşyga girýär.
Alymlar Antarktika hem ählumumy howa maýlamasynyň howp salýandygyny aýdýarlar. Mysal üçin, şu ýylyň 6-njy fewralynda Antarktika ýarymadasynyň Esperans stansiýasynda howanyň derejesi iň rekord çäge ýetdi—Selsiý boýunça 18,3 dereje maýlady. Bütindünýä Meteorologiýa Guramasy bu ýagdaýyň tizden-tiz çäreleri görmeli talap edýändigi barada belledi.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň