Soňky habarlar

Arhiw

«Bitaraplyk» türkmen topary Çeboksaryda geçirilen talyplar woleýbol ýaryşynda ýeňiş gazandy

14:1727.09.2021
0
4737

Çuwaşiýa döwlet uniwersitetinde okaýan türkmen talyplaryndan düzülen «Bitaraplyk» topary Çeboksaryda geçirilen woleýbol boýunça halkara ýaryşda ýeňiş gazandy. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" habar berýär.

Ýaryşa Hindistandan, Iordaniýadan, Yrakdan, Müsürden, Gyrgyzystandan, Siriýadan, Täjigistandan, Özbegistandan we Türkmenistandan talyplar gatnaşdylar.

Deslapky bäsleşikleriň jemi boýunça ýaryşyň aýgytlaýjy tapgyryna Türkmenistandan, Hindistandan, Gyrgyzystandan we Özbegistandan talyplar toparlary çykdylar.

Çekeşeikli geçen bäsleşikde ildeşlerimiz birinji orny eýelediler. Ikinji orna özbegistanly, baýrakly üçünji orna gyrgyzystanly talyplar mynasyp boldular.

Çeboksaryda geçirilen woleýbol boýunça gazanan ýeňşini «Bitaraplyk» topary Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramyna bagyşlady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň