Arhiw

«Volvo» resmi nyşanyny özgertdi

23:4126.09.2021
0
2270
«Volvo» resmi nyşanyny özgertdi

«Volvo» awtokonserni resmi nyşanynyň görnüşini 3D-den ýönekeý monohrom nyşanyna täzeledi. Täze dizaýnda hrom bezegi ýok bolar we gyrasy bütinleý tekiz bolar.

Täze nyşany awtoulaglarda, ýük awtoulaglarynda, awtobuslarda we deňiz ulaglarynda görmek bolýar. Mundan başga-da, her bölüm biri-birinden tapawutlanmak üçin belli bir reňk nyşanyny alar. Köne nyşan 2023-nji ýyla çenli «Volvo» ýolagçy awtoulaglarynda galar.

Şwesiýa markasy beýleki awtoulag öndürijileriniň täze marka şahsyýetini durmuşa geçirmek baradaky başlangyjyny goldady. «Car.ru»-nyň habaryna görä, öň «Volkswagen», BMW we «Renault» şuňa meňzeş karara gelipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň