Tatarystanyň Prezidenti Türkmenistanyň «Garaşsyzlyk» ordeni bilen sylaglanyldy

22:2626.09.2021
0
7277

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.

Gi­ňişleýin düzümde gepleşikler tamamlanandan soň, Prezident Rustam Minnihanowy Türkmenistanyň “Garaşsyzlyk” ordeni bilen sylaglamak dabarasy boldy. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky netijeli hyzmatdaşlygynyň nusgalyk görelde bolup durýandygyny belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň