Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamedow Sankt-Peterburgyň gubernatoryny kabul etdi

16:2526.09.2021
0
8188

Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglowyň ýolbaşçylygyndaky rus wekiliýeti Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralara gatnaşmak üçin şu gün Aşgabat şäherine geldi. Türkmenistanyň Prezidenti şu gün rus wekiliýetini kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda Sankt-Peterburgyň gubernatory Türkmenistanyň Prezidentini we halkyny Garaşsyzlyk baýramy bilen gutlady. Şu ýyllaryň dowamynda ýurduň ykdysady we durmuş taýdan üstünlik gazanandygyny belledi. Häzirki wagta çenli Sankt-Peterburg bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejä ýetendigi nygtaldy. Hususan-da, Newanyň we Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 30% ýokarlandy.

Duşuşykda Aleksandr Beglow we Gurbanguly Berdimuhamedow Beýik Watançylyk urşuna gatnaşanlara hormat goýmak, ularyň sarpasyny saklamak barada hem pikir alyşdylar. Sankt-Peterburgyň gubernatory Türkmenistanda ýaşaýan weteranlara uruş döwründe Leningradyň goralmagyna kömek edendikleri üçin minnetdarlyk bildirdi.

Aleksandr Beglow Sankt-Peterburgyň türkmen halkyna minnetdarlyk nyşany hökmünde Aşgabatda ýadygärlik gurmak isleýändigini diýdi. Dostlukly Türkmenistana mundan beýläk-de ösüş we abadançylyk, türkmen halkyna bolsa üstünlik arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň