“Awtoýoly” nyşanyny göterýän dükanlardan tekerleriň dürli görnüşlerini tapmak bolýar

19:1523.09.2021
0
9120

Häzirki wagtda “Awtoýoly” nyşanyny göterýän dükanlarda awtoulag tekerleriniň dürli görnüşleri müşderileriň dykgatyna ýetirilýär. Kärhana täze hem-de ýokary hilli tekerleriň awtoulaglar üçin uzakmöhletleýin hyzmat etjekdigine kepil geçmek bilen, olaryň käbir görnüşlerinde arzanladyş yglan edilendigini habar berýär, dukanlarda edilen sowdadan 1%, edilen hyzmatdan 3% bal, eger awtoyoly.com.tm onlaýn dükandan söwda edilse 2% bal müşderi kartyna gaýdyp berilyar.

“Awtoýoly” nyşanyny göterýän dükanlaryň köptaraplaýyn alyp barýan awtoulag hyzmatlary eýýäm ýurdumyzyň ähli künjeklerinde hem sürüjiler tarapyndan giňden peýdalanylyp, olaryň isleglerini kanagatlandyrýar. Onda hödürlenilýän “Michelin”, “Hankook”, “Toyo”, “Apollo”, “Westlake” ýaly ýokary hilli önümleri hödürleýän kärhanalaryň tekerleri ýurdumyzyň ýol şertlerinde uzak möhleti we uzak ýollary geçmegi kepillendirýär.

Belläp geçsek, awtoulaglaryň ätiýaçlyk şaýlaryny, şeýle-de ulaglary bejermek hyzmatlaryny ýokary derejede hem-de ynamdar alyp barýan “Awtoýoly” awtohyzmatlar merkezi dükanynda onlaýn maslahatlary soramak şertlerini hem alyjylara ýetirýär.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň