Soňky habarlar

Arhiw

WIN belgi näme? Ol nirede ýerleşýär we näme üçin gerek?

0
51458

Häzirki döwürde dünýä tejribesine laýyklykda, awtoulaglaryň VIN belgisi esasynda olaryň ätiýaçlyk şaýlaryny saýlap almak we ulag üçin laýyk bolan zerur şaýlary tapmak bu ugurda ýörgünli usul bolup durýar. VIN koddaky belgileriň, ýagny sanlaryň we harplaryň öz aňladýan aýratynlyklaryna görä awtoulaga has laýyk boljak şaýy tapmak mümkindir. Bu özboluşly tehnologiýa häzir milli tejribämizde “Awtoýoly” nyşanyny göterýän dükanlarda hem giňden peýdalanylyp başlandy.

Awtoulagyň VIN kody nämäni aňladýar?

VIN kod — bu awtoulagyň häsiýetli aýratynlyklaryny aňladýan esasy belgiler toplumy. 17 belgiden ybarat bolan, ISO dünýä standartlary bilen kesgitlenen bu kod gysgaldylan at bolup, has anyk manysynda “ulag serişdesiniň identifikasion belgisi” diýmekdir. Degişli kod ulag barada maglumat bermek bilen, aýratyn-da bejeriş-anyklaýyş işleri geçirilende gerekli bolan şaýlary anyklamaga hyzmat edýär. Ol awtoulagyň dürli hadysalardan goragly ýerinde ýerleşdirilýär.

VIN koddaky belgiler aýry-aýrylykda 3 sany esasy bölege bölünip, awtoulagyň öndürilen ýylyny, ulagyň häsiýetnamasyny we öndürijiniň maglumatlaryny özünde jemleýär. Bu belgiler has giňişleýin aňladylanda, olardan ulagyň öndürilen geografik zolagyny, öndürilen ýurduny, öndürýän kärhanany, ulagyň nowasynyň, hereketlendirijisiniň görnüşini, ulagyň kysmyny, kysmynyň ýylyny we başga-da käbir maglumatlary bilmek bolýar.
Bulardan başga-da VIN kod bilen awtoulagyň ozal näçe adam tarapyndan dolandyrylandygyny, ulag-heläkçilik hadysasy baradaky ýagdaýyny anyklamak mümkindir. 

VIN kody nirede ýerleşýär?

Awtoulagyň VIN koduny awtoulag sürüjiniň tarapynda ýerleşýän pribor panelinde, sürüjiniň tarapyndaky gapyda, silindrler blogunda we bloguň kellejiginde, kuzowyň sütüninde, gapy sütüninde, awtoulagyň hasaba alyş resminamalarynda we ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda tapyp bolar. 

Kodlar dürli awtoulaglarda dürli ýerlerde ýerleşýärler. Ony belgilemek we berkitmek usullary hem tapawutlanýar. Şonuň üçin, VIN-kodunyň awtoulagda ýerleşýän ýerini has takyk bilmek üçin öndüriji kärhananyň katalogynda bu maglumatlary barlamak dogry bolar. 

Awtoulag şaýlaryny saýlamakda VIN koduň ähmiýeti

Islendik awtoulag üçin has laýyk, has takygy oňa gönümel gabat gelýän ätiýaçlyk şaýyny saýlap almakda ýa-da ulagy bejermekde VIN koduň ähmiýeti örän uludyr. Sebäbi ondaky belgileriň sazlaşygy esasynda awtoulagyň gurluşyna iň kybap gelýän şaýy tapmak bolýar. Häzirki wagtda bu hyzmat dünýä ýüzünde tejribeli awtoulag serwisleriniň hemmesinde diýen ýaly ýerine ýetirilýär. Awtoulag hyzmaty merkezlerinde tehnologik barlagyň kömegi bilen VIN belgileriniň esasynda gerek bolan islendik barabar ulag şaýy tapylýar. Bu bolsa ulagyň ulanylyş möhleti, tehniki ýagdaýy üçin iň derwaýys meseledir.

Awtoulag hyzmatlarynda VIN kod esasynda işlemek, serwisiň işini döwrebaplaşdyrmak, şeýle-de hyzmatlary sanly ulgamyň mümkinçilikleri bilen baýlaşdyrmak ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki “Awtoýoly” nyşanyny göterýän dükanlarda hem işjeň amal edilýär. Bu hyzmaty “Awtoýoly” awtoulag hyzmatlary merkezinde ulanmak bilen onuň dükanlaryndan möhüm ulag serişdelerini almak mümkinçiligi ýola goýuldy. VIN koddan peýdalanmagyň ygtybarlylygy ulag serişdelerini ulanmagyň talabalaýyk amal edilmegidir.

“Awtoýoly” nyşanyny göterýän dükanlaryň hödürleýän şu hili hyzmatlaryndan ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hem peýdalanyp bolýar. Munuň üçin ulagyň VIN kody esasynda serwisiň ulag hünärmenlerine ýüz tutmak ýeterlikdir.
 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar