Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda ýurduň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan sergi dowam edýär. Sergä milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň wekilleri: ministrlikler we bölümler, döwlet guramalary we beýlekiler gatnaşýar.
Hususy puadaga köp sanly kärhana wekilçilik edilýär. Aýry-aýry kärhanalar we kompaniýalar önümlerini we hyzmatlaryny hödürleýärler. Şeýle hem olar täze ýyl üçin meýilnamalary paýlaşýarlar, işewür gatnaşyklary gurýarlar.
Sergide hususy telekeçileriň wekilleriniň arasynda «Muhammet Balkan», «Miweli Ülke», «Ýüpekçi», «Türkmen Senet», «Röwşen», «Özgeriş», «Aýbölek» mebel zawody, «Mähirli zenan» modalar öýi ýaly kärhanalar bar.
Serginiň çäginde özara peýdaly hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşylan birnäçe maslahat geçirildi.
Sergi 22-nji sentýabrda işini tamamlar.