Arhiw

BMG ÖM we Bütindünýä banky Türkmenistanda koronowirus pandemiýasyna garşy taslamalany durmuşa geçirýär

13:5122.09.2021
0
6226
BMG ÖM we Bütindünýä banky Türkmenistanda koronowirus pandemiýasyna garşy taslamalany durmuşa geçirýär

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi «COVID-19 ýokanjyna seslenmek» taslamasyny durmuşa geçirmek maksadyndan BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen ýurduň pandemiýa taýýarlygyny güýçlendirmek boýunça ylalaşyga gol çekdi. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" habar berýär.

Bütindünýä bankynyň maliýeleşdirýän taslamasy keseli barlamakda we bejermekde, lukmanlaryň hünärini ýokarlandyrmakda, şeýle hem reagentleri, dermanlary we lukmançylyk enjamlaryny satyn almakda milli mümkinçiligi pugtalandyrmagy göz öňünde tutýar. Ol ýokanç kesellere gözegçiligi amala aşyrmaga öňdebaryjy sanly çözgütleri ornaşdyrmaga, pandemiýa bilen bagly durmuş töwekgelçiliklerini aradan aýyrmaga gönükdirilendir.

Taslama şeýle hem BMG-niň Türkmenistandky agentlikleri bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirýän Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesellere taýýarlygyny üpjün etmegiň meýilnamasyny amala aşyrmagy goldar.

Taslama uzak möhletleýin geljekde pandemiýa netijeli seslenmek üçin milli saglygy goraýyş ulgamyny hemmetaraplaýyn berkitmäge gönükdirilendir

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň