Soňky habarlar

Arhiw

«Gerekli» internet dükany alty sany «Samsung» planşetini utmaga mümkinçilik berýän bäsleşigi geçirýär

10:3222.09.2021
0
9974

«Gerekli» internet dükany paýtagtyň we ýurdumyzyň beýleki şäherleriniň ýaşaýjylaryny surat bäsleşigine gatnaşmaga we «Samsung Galaxy Tab A8» (T295) planşetini gazanmaga çagyrýar. Bäsleşikde her welaýatdan we paýtagtymyz Aşgabat şäherinden bir ýeňiji saýlanylar.

Munuň üçin @ gereklitm instagram sahypasyna ýazylmaly. «Gerekli» internet dükanyndan (gerekli.com.tm web sahypasynda ýa-da ykjam telefonlar üçin niýetlenilen Gerekli programmasyndan) islendik önümi satyn almaly we satyn alan önümiňiz bilen surata düşmeli hem-de bu suraty degişli heştegler bilen Instagram sahypaňyzda ýerleşdirmeli. Aşgabat şäheri we welaýat merkezleri üçin heştegler aýratyndyr:

• Aşgabat şäheri üçin #gerekli_fotokonkurs_ashgabat;
• Ahal welaýaty üçin #gerekli_fotokonkurs_ahal;
• Balkan welaýaty üçin #gerekli_fotokonkurs_balkan;
• Daşoguz welaýaty üçin #gerekli_fotokonkurs_dashoguz;
• Mary welaýaty üçin #gerekli_fotokonkurs_mary;
• Lebap welaýaty üçin #gerekli_fotokonkurs_lebap.

Bäsleşige gatnaşyjy suratda özüni «Gerekli» internet dükanyndan satyn alnan önüm bilen görkezmeli. Her sargyt üçin bir surata düşmeli. Şeýle hem, bäsleşige gatnaşyjynyň instagram sahypasy görmek üçin açyk bolmaly. Surat bäsleşigiň ahyryna çenli instagram sahypasy aýrylmaly däldir.

Bäsleşige gatnaşmaklyk isleýänleriň arzalary («Gerekli» internet dükanyndan satyn alnan haryt bilen bile düşülen surat bolmaly) 31-nji oktýabra çenli kabul ediler. Bäsleşikde her welaýatdan we paýtagtymyz Aşgabat şäherinden bir ýeňiji saýlanar we we ýeňijileriň baýraklary sargyt goýlanda görkezilen salga gowşurylar. Ýeňijileri saýlamak 3-10-njy noýabr aralygynda geçiriler.

Bäsleşigi gurnaýjy, her welaýatdan we Aşgabatdan bir suraty, jemi 6 suraty saýlar we 3-nji noýabrda öz instagram sahypasynda görkezer. Ýeňijiler 10-njy noýabrda instagram sahypasyndaky «halanan» belgisiniň sanyny sanamak arkaly kesgitlener.

Şeýle hem, şu gün «Gerekli» onlaýn söwda meýdançasynda «Gerekli gün» aksiýasynyň gününiň geçirilýändigini ýatladýarys. Bu gün köp önümi arzan bahadan satyn alyp bolýar. Mysal üçin, häzirki wagtda azyk önümlerini, ýagny kofeni, «Tehno Mi»-den gelen ähli önümleri, «Organic Shop»-dan LG kir ýuwujylaryny, Samsung öý enjamlarynyň käbir görnüşlerini, «Сонца»-dan öý önümlerini, «DM»-den, «Sonifer»-den gelen hemme harytlary arzan bahadan satyn alyp bolýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň