Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Mähirli zenan»: maksadymyz türkmen milliligini dünýä ýaýmak

20:5821.09.2021
0
16462

Gaýtalanmajak gözelligi özünde jemleýän ol lybaslar türkmen gelin-gyzlarynyň älemgoşar öwüşginli ketenidir parça-ýüpeklerden tikilen, dürli keşdeler bilen bezelen milli köýnekleri, kürteleri, çabytlary, donlary, düýpli gyňaçlary, başatgyçlary, ýeňsizleri... Ol gözellikleri döredýänem gelin-gyzlaryň özleri. Ýurdumyzyň hususy pudagynda hereket edýän «Mähirli zenan» ady bilen tanalýan hususy kärhananyň modalar öýünde-de şeýle gözellikleri döredýän zenanlaryň onlarçasy zähmet çekýär.

Aşgabat şäherindäki Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara sergisinde «Mähirli zenan» hususy kärhanasynyň taýýarlan ajaýyp lybaslaryna aýratyn orun berildi. Biz sergide bolup, ol ýerde hususy kärhananyň hünärmeni Ogulgerek Ataýewa bilen gürrüňdeş söhbetdeş bolup, ony «Türkmenportalyň» okyjylaryna ýetirmegi makul bildik.

— Ogulgerek, ilki bilen, sizi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk toýy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.

Sag boluň! Ähli türkmen halkyny, şeýle-de telekeçilerine zähmet çekmäge giň şertleri döredip berýän döwlet Baştutanymyzy şanly sene bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Biziň her birimize toýly günlerde duşuşmak nesip etsin!

— Ogulgerek, Halkara sergä özüňiziň dürli görnüşdäki lybaslaryňyzyň täze toplumy (kolleksiýasy) bilen gelen bolsaňyz gerek!

— 2019-njy ýyldan bäri hereket edýän «Mähirli zenan» hususy kärhanamyzyň zähmetsöýer tikinçileri ýurdumyzda bellenilýän her bir şanly senä, toýlara özleriniň täze sowgatlary bilen gelýärler. Ýurt Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna dürli biçüwdäki köýnekleriň täze görnüşlerini getirdik. Ýagny keteni matasyndan tikilip, keşde bilen bezelen köýnekleri getirdik. Mundan başga-da dürli görnüşdäki türkmen milli saçaklarynyň hem keteniden taýýarlanan görnüşlerini getirdik. Saçaklar hem el işler bilen dürli nagyşlar arkaly bezelen.

— Lybaslaryňyza syn edip, siziň hususy kärhanaňyzda, esasan, gadymy biçüwlere, nagyşlara aýratyn üns berilýändigine göz ýetirmek bolýar.

— Şeýle diýsek-de, ýalňyş bolmaz. Birinjiden-ä, gadymy biçüwlerimiz hem nusgalarymyz hemme wagtda-da owadanlygy, nepisligi bilen dünýäni haýran edipdir. Gadymy nusgalar bilen bejerilen, ýanly biçüwdäki, ýakasy bagjykly köýnekler, begeýik salnyp tikilen donlar ene-mamalarymyzy göze gelüwli, salyhatly görkezipdir. Ol häzirem şeýle. Toý-baýramda syn edýän bolsaňyz, ýanly köýnekleri geýen zenanlarymyzyň ýöreýşi uz basyşlydyr, oturyp-turuşlarynda-da olar özlerini örän rahat alyp barýandyrlar. Häzirki wagtda lybaslaryň gadymy görnüşleri has-da kämilleşdirilýär, olar döwrebap görnüşleri bilen utgaşykly alnyp barylýar.

— Köpçülikleýin buýurmalar esasynda-da işleýärsiňizmi?

— Ýurdumyzda tans toparlaryndan gelýän buýurmalary olaryň isleglerine laýyklykda tikip taýýarlaýarys. Köpçülikleýin buýurmalar esasynda, başga-da ýorgandyr ýassykdaşlaryny, lukmanlar üçin ýektaýlary, önümçilik kärhanalary üçin ýörite eşikleri taýýarlaýarys.

— Ogulgerek, modalar öýüne degişli bolan dükanlar barada hem kelam agyz aýtsaňyz?

— Paýtagtymyzyň «Bagtyýarlyk» söwda-dynç alyş merkeziniň birinji gatyndaky ýörite dükanymyzda önümlerimizi halkymyza hödürleýäris. Şeýle-de paýtagtymyzyň «Altyn asyr» söwda merkezinde gelin-gyzlaryň milli hem döwrebap biçüwdäki köýnekleriniň, çaga köýnekleriniň dürli görnüşlerini satyn alyp bolýar.

— Beren gürrüňleriňiz üçin köp sa boluň! Işiňizde üstünlikleri arzuw edýäris!

— Sag boluň!

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň