Soňky habarlar

Arhiw

“Hazar Logistik” türkmen kompaniýasy awtoulag gatnawlary hyzmatyny hödürleýär

16:5020.09.2021
0
3040
“Hazar Logistik” türkmen kompaniýasy awtoulag gatnawlary hyzmatyny hödürleýär

Awtoulag gatnawlary – ýükleri getirmek babatynda iň köp talap edilýän hyzmat bolup, ol köp taraplylyk, dessinlik we ygtybarlylyk ýaly köp artykmaçlyklara eýedir.

Logistika pudagynda köp ýyllyk tejribesi bolan “Hazar Logistik” Hususy kärhanasy ýurduň içinde we daşary ýurtlarda amala aşyrylýan awtoulag gatnawlary hyzmatlaryndan peýdalanmagy teklip edýär.

Ýükler awtoulag bilen Eýrana, Gazagystana, Özbegistana, Gyrgyzystana, Täjigistana, Russiýa, Ukraina, Türkiýä, Hytaýa, Yraga, Gruziýa, Dubaýa iberilýär.

Awtoulag gatnawlarynda daşalýan ýüklere baglylykda şu aşakdaky ulag görnüşleri ulanylýar:

  • Tentli;
  • Konteýner ulagy;
  • Refrižerator.

Kompaniýanyň hünärmenleri iň amatly ugry işläp düzmäge we aşakdaky ýaly hyzmatlary bermäge kömek ederler.

  • Awtomobil ulagy bilen ýükleri ekspedirlemek;
  • GPS-nawigasiýasy arkaly ýük hereketine gözegçilik etmek;
  • Ýükleýiş-düşüriş hyzmatlarynyň doly toplumy;
  • Islendik çylşyrymly we göwrümli ýükleri daşamak.

Kompaniýa ähmiýetli ýükleri, şol sanda döwlegen, uly däl we howply ýükleri howpsuz saklamak we ulagly daşamak üçin ähli halkara kadalarynyň we şertleriniň berjaý edilmegini kepillendirýär.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň