Arhiw

Döwletjan Ýagşymyradowyň nobatdaky tutluşygyny geçirjek sport toplumy belli boldy

00:3820.09.2021
0
7777
Döwletjan Ýagşymyradowyň nobatdaky tutluşygyny geçirjek sport toplumy belli boldy

Başa-baş göreş boýunça türkmenistanly pälwan Döwletjan Ýagşymyradowyň «Bellatordaky» nobatdaky tutluşygyny geçirjek toplumy belli boldy. Onuň şwesiýaly Karl Albrektsson bilen boljak tutluşygy 16-njy oktýabr güni ABŞ-nyň Arizona ştatynyň Finiks şäherindäki «Futprint Sentr» sport toplumynda geçiriler.

«Bellator 268-iň» çägindäki bu tutluşyk Amerikanyň tölegli ýaýlymy bolan «Showtime»-da göni ýaýlym arkaly görkeziler. GDA döwletlerinde bu duşuşyga «Okko» multimedia serweri arkaly tomaşa edip bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň