Başa-baş söweş sungaty boýunça türkmenistanly pälwan Döwletjan Ýagşymyradow «Bellator 268-iň» çägindäki nobatdaky tutluşygyny 16-njy oktýabrda ABŞ-nyň Finiks şäherinde geçirer. Ildeşimiziň indiki garşydaşy Karl Albrektsson bolar.
32 ýaşly Döwletjan Ýagşymyradow henize çenli 25 tutluşyk geçirip, şolaryň 18-sinde ýeňiş gazandy. 6 garşydaşyndan asgyn gelen ildeşimiziň bir tutluşygy deňlikde tamamlandy. Onuň soňky tutluşygynyň şu ýylyň aprelinde geçirilip, onda Kori Andersondan üçünji döwde ýeňlendigini ýatladýarys.
Şwesiýaly 27 ýaşly Karl Albrektsson bolsa henize çenli 15 tutluşyk geçirdi. Şolaryň 12-sinde ýeňiş gazanan pälwan 3 tutluşykda garşydaşlaryndan asgyn geldi. Superior Challenge 22-niň çäginde Stokgolm şäherinde geçirilen soňky tutluşygynda ol Wladimir Mişenkony tehniki nakaut bilen ýeňdi.
ABŞ-daky ýaryşyň esasy tutluşygy «Bellatoryň» ýarym agyr agram derejesinde häzirki çempiony Wadim Nemkow bilen litwaly Ýulius Angliskasyň arasynda geçiriler.