Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Köpetdag şaýolunyň ugrunda bina edilen täze Döwlet münberiniň toplumy açyldy.
Bu toplum kaşaňlygy bilen haýran galdyrýar. Onuň umumy meýdany 20 müň 450 inedördül metre barabardyr, granit we ak mermer bilen örtülen bu toplum üsti gümmezli iki gatly binany, Prezident münberini hem-de myhmanlar üçin niýetlenen 2 müň orunlyk münberi öz içine alýar.
Bu ýerde dabaralar üçin niýetlenen, mermer bilen bezelen giň holl, myhmanlary kabul etmek hem-de dabaraly çäreleri geçirmek üçin niýetlenen zallar bar. Bezeglerde ulanylan milli öwüşginler hem-de hyzmat ediş zolagy bu desgalaryň tapawutly aýratynlygy bolup durýar.
Ýörite enjamlar, sanly tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze toplumda köpçülikleýin çäreleri geçirmek hem-de olary onlaýn görnüşde şöhlelendirmek üçin ähli şertler döredilipdir.
Münberiň öňünde granit daşy bilen örtülen meýdança ýerleşýär. Onda dabaraly harby ýörişler hem-de ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň we durmuş toplumynyň gazanýan üstünlikleriniň gözden geçirilişi, şol sanda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli baýramçylyk çäreleri geçiriler.
Şeýle hem münbere gelýän üç kilometre golaý ýol çekildi. Onuň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryldy, dürli görnüşli bag nahallary oturdyldy, bezeg gülleri ekildi, şeýle hem oňa ýanýoda çekildi we özboluşly yşyklandyryş ulgamy ornaşdyryldy.
Mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde hem ahalteke bedewleri ähli milli baýramçylyklaryň bezegidir. Bedewler türkmenleriň wepaly ýoldaşyna, Watanymyzyň taryhynyň we iň täze eýýamyň özboluşly nyşanyna öwrüldi. Munuň özi täze Döwlet münberiniň toplumynyň taslamasynda hem göz öňünde tutulypdyr.
Bu ýerde Merkezi Aziýada iň uly 120 metrlik LED ekrany hem-de 8 sany 30 metrlik maçtalar oturdyldy. Mundan başga-da, merkezi binanyň günorta tarapynda dikuçar meýdançasy, awtoduralgalar we beýleki desgalar guruldy.