Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Hukukçylaryň hünär kämilleşdiriş merkezi dörediler

23:5715.09.2021
0
2246
Türkmenistanda Hukukçylaryň hünär kämilleşdiriş merkezi dörediler

Türkmenistanda Hukukçylaryň hünär kämilleşdiriş merkezi dörediler. Bu barada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow adalat ministri B.Muhamedow bilen milli kanunçylygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerine bagyşlanan iş maslahatynda belläp geçdi.

Hukukçylaryň hünär kämilleşdiriş merkezi raýatlarymyza ýokary hilli hukuk kömegini bermek, fiziki we ýuridik şahslaryň hukuklaryny, kanuny bähbitlerini netijeli hem-de ygtybarly goramak maksady bilen dörediler.

Şeýle hem döwlet Baştutany ykdysady taýdan ösen ýurtlaryň we goňşy döwletleriň tejribesinde bar bolan «Bir penjire» goşulmalaryny ulanmagy has-da kämilleşdirmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň