Soňky habarlar

Arhiw

Daşoguz welaýatynda pagta ýygymyna girişildi

23:5415.09.2021
0
6757

15-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, ýerli toprak-howa şertlerine görä, beýleki sebitlerden biraz gijräk Daşoguz welaýatynyň ekerançylary pagta ýygymyna başladylar. Demirgazyk sebitde gowaça meýdany 155 müň gektary eýeleýär. Şonça ýerden “ak altynyň” 275 müň tonnasyny ýygnap almak maksat edinilýär.

Welaýatyň häkimliginde bolan iş maslahatynda ýygym möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça wezipeler, ähli degişli gulluklaryň takyk işlemegi we sazlaşykly hereket etmegi baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşylan esasy ugurlar boldy.

Bellenilişi ýaly, welaýatyň ekerançylary gowaçanyň “Daşoguz-120”, «Daşoguz-114”, “Gubadag-3”, “C-4727”, “Jeýhun”, “149F” ýaly orta süýümli görnüşlerini ösdürip ýetişdirýärler. Döwrebap oba hojalyk tehnikalary meýdan işleriniň bökdençsiz depginini üpjün eder. Ýygym möwsüminiň dowamynda meýdanlarda “John Deere” kysymly ýokary öndürijilikli kombaýnlaryň we beýleki tehnikalaryň ýüzlerçesi işlediler.

Pagta daşamakda ýük awtoulaglarynyň hem-de tirkegli traktorlaryň iki müňe golaýy hereket eder. “Daşoguzpagta” önümçilik birleşiginiň kabul ediş harmanhanalary we pagta arassalaýjy kärhanalary gije-gündizleýin işlemäge doly taýýar edildi. Häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen barlaghanalarda “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň hünärmenleri tabşyrylýan çig malyň hilini barlaýarlar.

Soňra hormatly ýaşulular “Harmanyňyza bereket!” diýen sözler bilen pagta ýygymy möwsümine başlamaga ak pata berdiler. Soňra baýdaklar bilen bezelen, üsti doly “ak altynly” ýük awtoulaglary hem-de tirkegli traktorlar täze hasylyň kabul edilýän ýerine tarap ugradylar. Bu ýerde oba hojalyk tehnikalarynyň we sebitiň obasenagat toplumy tarapyndan öndürilýän önümleriň sergisi guraldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň