Soňky habarlar

Arhiw

Gurban Berdiýewiň «Kaýraty» Ýewropanyň Konferensiýa ligasynyň toparçalaýyn tapgyryndaky ilkinji duşuşygy Kipriň topary bilen geçirer

13:3615.09.2021
0
5483

Gazagystanyň «Kaýrat» futbol topary Ýewropanyň Konferensiýa ligasynyň toparçalaýyn tapgyryndaky ilkinji duşuşygyny Kipriň «Omoniýasy» bilen geçirer.

Duşuşyk 16-njy sentýabrda toparyň Almaty şäherindäki stadionynda bolar. Onuň Aşgabat wagty bilen 19:30-da başlanmagyna garaşylýar.

«Kaýrat» «Omoniýa» bilen taryhynda ilkinji gezek duşuşar. Gazak toparyna ildeşimiz Gurban Berdiýewiň tälim berýändigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň