Soňky habarlar

Arhiw

Özbegistanyň Prezidenti wise-premýer E.Orazgeldiýewi kabul etdi

22:1214.09.2021
0
12956

14-nji sentýabrda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Daşkent şäherinde geçirilýän Türkmen-özbek hökümetara toparynyň mejlisiniň çäginde Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Esenmyrat Orazgeldiýewi kabul etdi. Bu barada özbek Lideriniň metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşugyň barşynda wise-premýer Esenmyrat Orazgeldiýew Özbegistanyň Liderine mähirli garşylanandygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Ikitaraplaýyn türkmen-özbek köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň ýollary, häzirki döwürde ýola goýlan gatnaşyklar barada duşuşygyň dowamynda pikir alşyldy.

Soňky ýyllarda ýola goýlan ýokary derejedäki yzygiderli aragatnaşyklaryň iki doganlyk ýurduň arasyndaky dostluk, hoşniýetlilik we strategik hyzmatdaşlygy berkitmäge, anyk mazmun bilen doldurmagyna goşant goşýandygy bellenildi. Şeýle hem şu günler Daşkentde geçirilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk we suw dolandyryş meseleleri boýunça bilelikdäki hökümetara toparlarynyň mejlisleriniň esasy netijeleri barada durlup geçildi.

Özbek Lideri Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistana boljak saparyna ünsli we hemmetaraplaýyn taýýarlanmagyň, ilkinji nobatda, baý gün tertibiniň döredilmeginiň, şeýle hem ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda; senagat hyzmatdaşlygy taslamalarynyň we medeni we gumanitar ugurlaryň ösdürilmeginiň möhümdigini belledi.

Ozal habar berlişi ýaly, 6-njy sentýabrda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer Esenmyrat Orazgeldiýewe Özbegistana boljak sapara ýokary derejede taýýarlanmagy tabşyrypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň