Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanda saparda bolar

22:5506.09.2021
0
13863

Türkmenistanyň Prezidenti ýakyn wagtda Özbegistan Respublikasyna resmi sapar amala aşyrar we onuň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk resminamalaryna gol çekiler. Bu barada 6-njy sentýabrda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatynyň dowamynda türkmen Lideri habar berdi.

Maslahatyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şeýle hem Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň ýakynda geçiriljek nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda türkmen-özbek hyzmatdaşlyk gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykyp, birnäçe ugurlary öz içine alýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda dürli ugurlar boýunça ýola goýulýan hyzmatdaşlyk şu döwrüň talabyna we iki ýurduň bar bolan ägirt uly kuwwatyna laýyklykda hemmetaraplaýyn ösdürilýär. Hökümetara toparyň nobatdaky mejlisinde birnäçe ugurlar boýunça ikitaraplaýyn bähbitli ylalaşyklar gazanylar. Şolaryň üstünlikli ýerine ýetirilmeginde bu topara möhüm orun degişlidir.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, ýurdumyzda halkara hyzmatdaşlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna döwlet derejesinde ähmiýet berilýändigini belläp, Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleriniň möhümdigine ünsi çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere özüniň özbek kärdeşi bilen Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň öňümizdäki hepdede boljak nobatdaky mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyljak meseleler we gazanyljak ylalaşyklar barada pikir alyşmagy we onuň anyk senesini kesgitlemegi tabşyrdy, şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygyndaky Hökümet wekiliýetiniň Özbegistan Respublikasyna ýakynda boljak saparynyň dowamynda gazanylan ylalaşyklar boýunça degişli resminamalara gol çekiljekdigini aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň