Türkmenistanda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň 10-njy mejlisini geçirmäge taýýarlyk görülýär. TDH-niň habar berşi ýaly, bu barada düýn sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanowyň hasabatynda aýdyldy.
Hasabatda bellenilmegine görä, bu toparyň nobatdaky mejlisinde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek we onuň gerimini has-da giňeltmek maksady bilen, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, maliýe-ykdysady, ylym-bilim, ýokary tehnologiýalar, sport, medeniýet, saglygy goraýyş, ulag-aragatnaşyk, maglumat ulgamy, sebitara hyzmatdaşlyk, şertnamalaýyn-hukuk ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylar.
Hökümet mejlisinde wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň hyzmatdaş döwletleriniň biriniň Ermenistan Respublikasydygyny, iki ýurduň dostlukly gatnaşyklary alyp barýandygyny belledi.
Döwlet Baştutany Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň 10-njy mejlisine gowy taýýarlyk görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi we bu toparyň türkmen böleginiň düzümi boýunça taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.