Soňky habarlar

Arhiw

Ýewropa energiýa ýetmezçiligini başdan geçirýär

18:2214.09.2021
0
1025

Tebigy gazyň bir müň kubmetriniň düýn 760 amerikan dollaryna ýetmegi Ýewropany aljyraňňylyga saldy. Birža söwdalaşyklarynda gazyň bahasyny taryhy rekord derejä ýetmeginiň, ýagny bir müň kubmetr üçin 760 dollara ýetmeginiň esasy sebäbi, Ýewropanyň ýerasty saklawhanalaryndaky gazyň gorlarynyň azalmagydyr, suwuklandyrylan ýangyjyň Aziýa ugradylmagy hem ýagdaýa ýaramaz täsir etdi.

Munuň üstesine Russiýanyň “Gazprom” edarasy awgustyň aýagyndan bäri Germaniýanyň saklawhanalaryna gaz ibermegini togtatdy. Satuwlary “Demirgazyk akym-2” gazgeçirijisiniň işe goýberilmegine çenli artdyrmak meýilleşdirilmeýär. Ýagny “mawy ýangyjyň” ilkinji kib metrlerini Russiýadan Baltika deňziniň düýbi bilen Germaniýa 1-nji oktýabrda akdyrmak göz öňünde tutulýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň