Soňky habarlar

Arhiw

«Kaýrat» Gurban Berdiýewiň ýolbaşçylygynda ilkinji gezek ýeňildi

23:5012.09.2021
0
6268

Gazagystanyň çempionatynyň 20-nji tapgyrynda «Kaýrat» «Ordabasydan» ýeňildi. Şu gün Şymkent şäherinde geçirilen duşuşyk 2:1 hasabynda «Ordabasynyň» ýeňşi bilen tamamlandy.

Duşuşykda ýeňiji toparyň pökgülerini 10-njy minutda Abdulaýe Diakate, 31-nji minutda Aleksandr Kleşenko geçirdi. «Kaýratda» bolsa 73-nji minutda Hose Kante tapawutlandy. 36-njy minutda Aýbol Abikeniň gyzyl kart almagy bilen, «Kaýrat» oýnuň agramly böleginde 10 oýunçy bolup göreşdi.

«Kaýrata» türkmenistanly hünärmen Gurban Berdiýewiň tälim berýändigini ýatladýarys. «Kaýrat» klubda ozal maslahatçy bolup işlän hünärmen bilen möwsümiň ahyryna çenli şertnama baglaşdy. Eger gazanylan netijeler gowy bolsa, taraplar öňümizdäki iki ýylyň dowamynda bile işleşerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň