Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly talyp VI Halkara ýaşlar forumynyň grantyna mynasyp boldy

15:4709.09.2021
1
55826
Türkmenistanly talyp VI Halkara ýaşlar forumynyň grantyna mynasyp boldy

Orenburg döwlet uniwersitetiniň türkmenistanly talyby Aziza Hemraýewa «Евразия Global» VI Halkara ýaşlar forumynyň grantyna mynasyp boldy. Bu barada «Türkmenistan. Altyn asyr» saýty habar berýär.

Oňa «Международный образовательный лагерь «New Young Way» taslamasyny durmuşa geçirmek üçin 200 000 rubl berildi.

Ol bu granta Russiýanyň Ýaşlaryň işi boýunça federal agentliginiň ýaşlar taslamalarynyň Bütinrussiýa bäsleşiginiň we A.M. Gorçakow adyndaky açyk diplomatiýany goldamak Gaznasynyň grant bäsleşiginde mynasyp boldy. Onuň jemi Orenburgda «Евразия Global» VI Halkara ýaşlar forumynyň ýapylyş dabarasynda jemlenildi.

Foruma jemi 78 teklip geldi, taslamalaryň 34-si bilen bäsleşigiň ekspertleri tanyşdyryldy.

Russiýanyň sebitleriniň 12-siniň wekillerinden 15-si jemi 10 million rubl grant almaga teklip sertifikatyny aldylar. A.M. Gorçakow adyndaky açyk diplomatiýany goldamak Gaznasy daşary ýurtlylar üçin grant bäsleşigini geçirdi. Onuň çäklerinde jemi 2 million 200 müň rubla barabar taslamalaryň 9-sy goldanyldy.

Yragyň, Hindistanyň, Türkmenistanyň, Moldowanyň, Meksikanyň, Hytaýyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we Owganystanyň wekilleri maliýe goldawyny aldylar. Olaryň taslamalary 90-dan gowrak işleriň arasyndan iň gowulary diýlip ykrar edildi. Ýeňijileriň hersi 300 müň rubla barabar dört we 200 müň rubla barabar bäş grant aldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň