Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly tennisçi Müsürde geçirilen halkara ýaryşa gatnaşdy

23:5007.09.2021
0
7698

Türkmenistanyň tennis boýunça milli ýygyndysynyň wekili Isa Mammetgulýew ITF-iň Bütindünýä tennis ýaryşynyň çägindäki Müsürde geçirilen M15 Cairo ýaryşyna gatnaşdy. 15 000 dollarlyk baýrak gazanasy bolan ýaryş 4-nji sentýabrdan 12-nji sentýabr aralygynda Müsüriň paýtagtynda geçirilýär.

Ýaryşa Braziliýa, ABŞ, Awstraliýa, Russiýa, Ermenistan, Ispaniýa, Awstriýa, Fransiýa, Hindistan, Taýland, Alžir ýaly döwletleriň wekilleri gatnaşdy.

Isa Mämmetgulyýew ýaryşa üçünji saýlama tapgyryndan goşuldy, Ol ilkinji duşuşygynda italiýaly Françesko Skarpany 6-0, 6-0 hasaby bilen ýeňdi. Soňra müsürli Karim Ybraýym bilen geçirilen duşuşyk hem türkmenistanly tennisçiniň 7-6 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Üçünji duşuşygyny 6-njy sentýabrda geçiren ildeşimiz bu gezek argentinaly Lýusio Karnewal 4-6, 1-6 hasabynda asgyn geldi.

24 ýaşly Isa Mammetgulýew Slowakiýada ýokary bilim alýar. Ol 2019-njy ýylda Iordaniýada geçirilen dördünji topar ýaryşlarynda biziň ýurdumyza wekilçilik etdi. Mammetgulýew Bratislawa şäherinde Dominika Sibulkowanyň (bir wagtlar dünýädäki iň güýçli tennisçileriň biri bolan Slowakiýanyň iň meşhur sport zenany) tennis akademiýasynda tälim alýar. Häzirki wagtda ol biziň ýurdumyzda Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde (1401-nji orun) reýtinge eýe bolan ýeke-täk türgen.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň