Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenportal» «Dutaryň owazy» halkara bäsleşiginiň resmi hyzmatdaşy boldy

22:3606.09.2021
0
6257

Türkmenistanyň öňdebaryjy habarlar saýty bolan «Türkmenportal» 28-nji oktýabrdan 4-nji noýabra çenli aralykda geçiriljek «Dutaryň owazy» atly halkara festiwalyň maglumat hyzmatdaşy boldy.

«Dutaryň owazy» halkara festiwaly 2015-nji ýyldan bäri geçirilip gelýär. Kompozitor Mamed Huseýnowa degişli bolan bu taslama her ýyl Nury Halmämmedowyň doglan gününe bagyşlanyp geçirilýär. Festiwalyň altynjy gezek geçirilişi geçen ýylyň güýzünde meýilleşdirilen hem bolsa, koronowirus pandemiýasy ony geçirmäge mümkinçilik bermedi. Şeýlelikde, bir ýyl yza süýşürilen festiwal bu ýyl Kursk şäherinde geçiriler.

Festiwalyň çäklerinde halk aýdymlaryny we sazlaryny ýokary derejede ýerine ýetirmek boýunça bagşylaryň we sazandalaryň bäsleşigi hem geçiriler. Oňa gatnaşyjylar:

― Wokal sungaty;

― Halk saz gurallary boýunça ukyplaryny synaga salarlar.

Bäsleşige dalaşgärleriň arzalary şu ýylyň 1-nji oktýabryna çenli kabul edilýär.

Bir tapgyrdan ybarat bolan bäsleşik dünýäniň dürli künjeginden isleg bildirýän sungat adamlary üçin açykdyr. Koronowirus pandemiýasy sebäpli daşary ýurtly dalaşgärler onlaýn görnüşinde gatnaşyp biler.

Bäsleşigiň baş baýragy ― dört ýyllyk talyp haky.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň