Soňky habarlar

Arhiw

Tokioda geçirilen Paralimpiýa oýunlary tamamlandy

18:0006.09.2021
0
4537

Halkara paralimpiýa komitetiniň prezidenti Endrýu Parsons Tokioda XVI tomusky Paralimpiýa oýunlaryny ýapyk diýip yglan etdi.

Ýaryşyň dowamynda dört müňden gowrak sportçy 539 medallar toplamy üçin bäsleşdi. Dabarada Parsons Paralimpiýa baýdagyny Parižiň meri Ann Idalgo tabşyrdy, şondan soň oýunlaryň ýokary derejeli geçirilendigi üçin guramaçylara, çykyşlary üçin türgenlere minnetdarlyk bildirdi, soňra Paralimpiýa oýunlaryny resmi taýdan ýapyk diýip yglan etdi.

Indiki tomusky Paralimpiýa oýunlary 2024-nji ýylyň 28-nji awgustyndan 8-nji sentýabryna çenli Parižde bolup geçer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň