Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 3-nji sentýabrda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň nobatdaky subutnamasy bolan täze desganyň — Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda kuwwatlylygy 432 megawat bolan gazturbinaly elektrik stansiýasynyň açylmagy mynasybetli Ýaponiýanyň Imperatory Naruhita Gutlag hatyny ýollady.
«Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar dürli ugurlar boýunça yzygiderli ösdürilýär, täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Häzirki wagtda ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyz syýasy, söwda-ykdysady, durmuş, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlaryň giň gerimini öz içine alýar. Bilelikde taslamalary amala aşyrmak we maýa goýum hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak iki ýurduň ykdysady gün tertibinde möhüm orny eýeleýär. Türkmenistanda ýapon kompaniýalarynyň we maliýe institutlarynyň gatnaşmaklarynda nebitgaz toplumynda, himiýa senagaty we energetika pudaklarynda birnäçe iri taslamalaryň durmuşa geçirilendigini, bu babatda oňyn tejribe toplanandygyny nygtamak isleýärin» diýip, türkmen Lideri hatynda şu ýylyň 3-nji sentýabrynda ýurdumyzyň Lebap welaýatynda türkmen-ýapon netijeli hyzmatdaşlygynyň nobatdaky nyşanyna öwrüljek möhüm desganyň — gazturbinaly elektrik stansiýasynyň üstünlikli açylyp ulanmaga berlendigi baradaky hoş habary Imperator bilen paýlaşmak isleýändigini belleýär.
Nygtalyşy ýaly, bu taslama meşhur ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda durmuşa geçirilip, onda öňdebaryjy işläp taýýarlamalar we täze tehnologiýalar ornaşdyryldy. Bu desga geljekde diňe ýurdumyzyň energetika kuwwatyny ýokarlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, tutuş sebiti, hususan-da, goňşy Owganystany durnukly we ygtybarly energiýa bilen üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Bu täze desganyň ulanylmaga berilmegi bilen, Türkmenistanyň energoulgamynyň bellenen kuwwatlylygy ýene-de 432 megawat artar, öňden hereket edýän Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň kuwwatlylygy bolsa 581,2 megawata deň bolar. Lebap welaýatynyň sarp edijileriniň energiýa üpjünçiliginiň ygtybarlylygy artar, täze iş orunlary dörediler. Merkezi Aziýa ýurtlaryna, şol sanda Özbegistana, Gyrgyz Respublikasyna we Owganystana elektrik energiýasynyň iberilişiniň möçberini artdyrmaga mümkinçilik berer.