Aşgabat şäherindäki 18-nji orta mekdepde mümkinçiligi çäkli türgenleriň arasynda stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça ýaryş geçirildi. Ony «Türkmenistanyň maýyplary goldamak merkezi» jemgyýetçilik birleşigi gurady.
«Sport hemmeler üçin! Sport her kim üçin!» diýen şygar astynda geçirilen ýaryşa 30 türgen gatnaşdy. Onuň aýgytlaýjy tapgyryna erkekleriň we zenanlaryň arasyndaky üç derejäniň her biri boýunça 4 türgen çykdy. Ýaryşda ýeňiji bolanlaryň arasynda dürli ýaşlarda ýurdumyzyň çempiony, şol sanda halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş eden ildeşlerimiz hem bar.