Soňky habarlar

Arhiw

Dünýä çempionaty ― 2022-niň Aziýa boýunça üçünji saýlama tapgyryna badalga berildi

10:5403.09.2021
0
5662
Dünýä çempionaty ― 2022-niň Aziýa boýunça üçünji saýlama tapgyryna badalga berildi

Penşenbe güni Dünýä çempionaty ― 2022-niň Aziýa yklymy boýunça üçünji saýlama tapgyrynyň ilkinji duşuşyklary geçirildi.

Bu tapgyrda 12 milli ýygyndynyň iki toparçada ýaryşýandygyny ýatladýarys. Şolaryň dördüsi Katarda geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazanar. Bäşinji ýygyndy bolsa yklymara saýlama duşuşygyny geçirer.

Ilkinji duşuşyklar aşakdaky hasaplar bilen tamamlandy.

«A» toparça

Koreýa Respublikasy — Yrak — 0:0
Eýran — Siriýa — 1:0
BAE — Liwan — 0:0

«B» toparça

Awstraliýa — Hytaý — 3:0
Saud Arabystany — Wýetnam — 3:1
Ýaponiýa — Oman — 0:1

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň