2021-nji ýylyň 29-njy awgusty 2-nji sentýabry aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Birleşen Arap Emirliklerinde saparda bolýar.
Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti Birleşen Arap Emirlikleriniň Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň işleri boýunça ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýan, Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministriniň Aziýa ýurtlary boýunça orunbasary, Döwlet ministri Ahmed Al Saýyk, şeýle-de BAE-niň Energetika we senagat işleri boýunça ministri Suheýl Al Mazrui bilen duşuşyklary geçirdi.
Işjeň ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň barşynda özara gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň giň toplumy boýunça Türkmenistanyň we BAE-niň arasyndaky ikitaraplaýyn ysnyşykly gatnaşyklaryň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki döwletiň arasyndaky syýasy-diplomatik özara hereketleri, ykdysady we medeni hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerine aýratyn üns berildi.
Türkmen wekiliýetiniň bu saparynyň taraplara möhüm syýasy we ykdysady meseleleri ara alyp maslahatlaşmak, dürli pudaklardaky bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilişiniň depgine syna bermek üçin mümkinçilik döredendigi bellenildi.
Duşuşyklaryň barşynda taraplar şeýle-de Owganystandaky häzirki ýagdaýlar bilen bagly meselelere hem seredip geçdiler. Ýagdaýlaryň parahatçylykly çözülmegi ugrunda bilelikdäki tagallalaryň utgaşdyrylmagynyň derwaýyslygy nygtaldy.
Şeýle-de 31-nji awgustda türkmen wekiliýeti BAE-niň «Mubadala» kompaniýasynyň ýolbaçysy bilen geçirilen duşuşygyň barşynda maýa goýum, maliýe we gazhimiýa ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar öň gazanylan ylalaşyklary hemmetaraplaýyn durmuşa geçirmek maksady bilen, ikitaraplaýyn özara gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny giňeltmegiň möhümdigini nygtadylar.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Birleşen Arap Emirliklerine sapary dowam edýär.