Türkmenistanda birinji synp okuwçylaryna täze kompýuterler sowgat berildi

15:3001.09.2021
0
14505

Täze okuw ýylynyň ilkinji güni birinji synp okuwçylaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan noutbuk sowgat berildi. Bu barada "Jeyhun.news" ýazýar.

Ýeri gelende, munuň asylly däpleriň birine öwrülendigini bellemek gerek. Bütin welaýat boýunça şu gün birinji synp okuwçylarynyň otuz bir müňden gowragy täze kompýuterli boldular.

Olaryň Türkmenistanda «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasynda öndürilendigi bellärliklidir. Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrligi, Hytaýyň «Hengsheng Lianhua Investment Management Co. Ltd.» we «Tongfang Hongkong limited» öňdebaryjy kompaniýalary onuň esaslandyryjylarydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň