Aşgabatda şu günden başlap, eýeçiligiň görnüşlerine garamazdan, ähli edaralarda we kärhanalarda işleri wagtlaýynça çeýe tertipde alyp barmak boýunça täze girizilen düzgün hereket edip başlaýar. Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi dünýäde dowam edýän epidemiologik ýagdaýlary göz öňünde tutup, möwsümleýin ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen, öňe süren bu teklibiniň degişli resminamasyny ýurduň ähli ministrliklerine, pudak edaralaryna hem-de welaýatlara ugratdy.
Türkmenistanyň Kesellere garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň 29-njy awgustda geçirilen mejlisiniň dowamynda kabul edilen çözgütleri ýerine ýetirmek maksady bilen işlenip düzülen resminama laýyklykda, guramalarda adamlaryň köpçülikleýin ýygnanyşmak derejesini azaltmak maksady bilen, adam sany 100-den az bolan edaralarda işgärleriň iş wagtyny iki görnüşde — bir bölegini irden 08:00-dan 17:00-a hem-de irden 09:00-dan 18:00-a çenli guramak bellenildi.
Işgär sany 100-den köp bolan edara-kärhanalarda bolsa işgärleriň 30 göteriminiň irden 08:00-dan öýlän 17:00-a çenli, 40 göteriminiň 09:00-dan 18:00-a çenli, galan 30 göteriminiň hem irden sagat 10:00-dan agşam 19:00-a çenli işe gelmegini üpjün etmek maslahat berilýär.
Täze wagtlaýyn iş tertibi zähmetiň eýeçiliginiň görnüşine baglylykda, iş beriji tarapyndan üýtgedilip hem bilner. Resminamada görkezilen iş tertibi iş hepdesi 40 sagat bolan hem-de günde 8 sagat işleýän işgärlere degişlidir.