Garagumda 20 ýyla golaý wagt bäri suw bermeýän guýy gaýtadan işe girizildi

16:5931.08.2021
0
5364

«Türkmenörimeýdanlarynysuwlulandyryş» önümçilik birleşiginiň Kerki etrabyndaky 9-njy mehanizmleşdirilen göçme edarasy uzak Garagumdaky we Gyzylgum sähralygyndaky öri meýdanlarynyň suw üpjünçiligine degişli 291 guýa hyzmat edýär ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Olaryň 285-si şahta guýusy bolmak bilen, giň meýdanlarda bakylýan ownuk mallaryň 300 müňden gowragyny suwa ýakyp bilýär. Bu edara degişli dik guýularyň-da 6-sy gije-gündiz suw berýär. Guýy ussalary ähli guýularyň suw berijilik mümkinçiligini anyklap, şoňa laýyklykda hem suwlulandyrylýan öri meýdanlarynyň möçberini kesgitleýärler.

Hojalyk hasaplaşygynda işleýän bu edaranyň ussalary ätiýaçlyk guýulary-da mydama göz öňünde tutýarlar. Şolaryň biri Kerki etrabynyň çäginde ýerleşýän Abdygaýyp guýusydyr. Çuňlugy 185 metre barabar bolan bu guýy 1992-nji ýylda suw bermesini kesipdir. Soňra bu guýyny birnäçe gezek abatlamak işi göz öňünde tutulsa-da, ol başa barmandyr. Diňe 20 ýyla golaý wagt geçenden soňra, şu ýyl Myrat Ýazgulyýew, Hudaýnazar Rozyýew, Agamyrat Durdyýew ýaly tejribeli ussalaryň tagallasy bilen ol doly abatlandy we ätiýaçdaky guýularyň hataryna goşuldy.

— Ussalar toparymyz bary-ýogy 12 adamdan ybarat bolsa-da, jemi 291 guýa gözegçilik edýäris. Çopan-çoluklar bilen gürleşip, haýsy guýuda suw azalyp başlasa, dessine ony abatlamagyň ugruna çykýarys. Emma käbir guýy birdenkä suw bermesini bes edäýýär. Şeýle ýagdaýda täze guýulary gazmaly bolýar. Şu ýyl hem Şyhowgan ýaýlasynda mal bakýan Garly Kerimowyň ulanýan guýusy suwuny kesdi. Indi biz öňümizdäki güýzde şu öriniň süýji suwly ýerinden täze guýyny gazmakçy — diýip, bu önümçilik birleşiginiň 9-njy göçme mehanizmleşdirilen edarasynyň başlygy Rozygeldi Rahmanberdiýew gazetiň habarçysyna aýtdy.

Güýz guýy gazmak üçin iň amatly döwür hasaplanýar. Çünki guýy ussalary indi, öňki döwürdäki ýaly, onuň diwarlaryny sözen agaçlary bilen örüp berkitmän, ýörite polat simden gözenek germewleri goýup, onuň içini «M-800» kysymly güýçli sementli garyndylardan doldurýarlar we ýüzüni kemsiz tekizläp, ýene-de sementli garyndy bilen suwaýarlar. Her gezegem şol garyndy doly gurap, berkeýänçä gazmakdan saklanylýar. Soňra ýene-de şol guýuny gazmak dowam etdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň