Luizanada güýçli tupan emele geldi

18:1530.08.2021
0
4965

Atlantik ummanynda emele gelen Ida tupany ýekşenbe güni öýlän Luiziana ştatyna geldi.

Tupanlaryň mümkin bolan bäş derejesine görä, Ida tupanyna dördünji dereje berildi. Ýurduň häkimiýetleri häzirki betbagtçylygyň 2005-nji ýyldaky Katrina harasadynyň täsirinden hem has ýokary bolmagyndan gorkýarlar.

Hökümet ýaşaýjylary öýden çykmazlyga çagyrýar. «Euronews»-yň habaryna görä, 320 kilometrden gowrak kenarýaka ýaşaýjylaryny göçürmek meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň