Türkmenistan bilen Marokko sport hem-de medeniýet boýunça hyzmatdaşlygy güýçlendirmekçi

13:2530.08.2021
0
7044

2021-nji ýylyň 26-njy awgustynda geçirilen wideo aragatnaşyk arkaly duşuşykda medeni-ynsanperwer, sport we ýaşlar syýasaty boýunça alnyp barylýan işler dogrusynda pikir alşyldy.

Marokko Patyşalygynyň Medeniýet, ýaşlar we sport ministri Osman El Ferdaus bilen Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministri G.Agamyradowyň hem-de Türkmenistanyň Medeniýet ministri A.Şamyradowyň arasynda guralan sanly wideo aragatnaşyk arkaly duşuşyk Türkmenistanyň we Afrika ýurtlarynyň arasynda köpugurly gatnaşyklary ýola goýmak maksady bilen guraldy.

Türkmenistanyň hoşniýetli goňşuçylyk aragatnaşyklary netijesinde Afrika ýurtlarynyň arasynda Marokko Patyşalygy bilen söwda-aragatnaşyk, ylym-bilim, ykdysadyýet we beýleki pudaklarda ençeme şertnamalar baglaşylyp, özara gatnaşyklar has-da güýçlendirilýär. Munuň netijesinde ýurtlaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklary barha pugtalanýar.

26-njy awgustynda geçirilen wideo aragatnaşyk arkaly duşuşykda hem taraplar medeni-ynsanperwer hem-de sport we ýaşlar syýasaty babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň