Türkmenistanyň hususy kärhanasy 22 müň tonna kagyz galyndysyny gaýtadan işledi

20:2429.08.2021
0
14604

Türkmenistandaky iň uly kagyz we gasynlanan karton önümleriniň öndürijileriniň biri bolan “Toprak” hojalyk jemgyýeti kagyz galyndylarynyň gaýtadan işlenilmegini artdyrdy. Kärhana her aýda 250-300 tonna golaý kagyz galyndylaryny beýleki kärhanalardan satyn alýar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» habar berýär.

Habara görä, kärhana kagyz önümleriniň giň toplumyny özleşdirdi. Şeýlelikde, kärhana dokma, azyk senagaty we beýleki pudaklarda ýerli kärhanalar üçin kagyz, gaplama we çap önümlerini öndürmek bilen meşgullanýar. Kompaniýa “NowaEco” haryt nyşany bilen sarp edijilere önümleri daşamak, goramak we üpjün etmek üçin gaplamalary öndürýär.

“Toprak” HJ iki sany esasy kärhanany we Mary şäherindäki uly bolmadyk kagyz ýygnama merkezini öz içine alýar. Gökdepe etrabynyň Owadandepe şäherçesinde birnäçe ýyl mundan öň işe girizilen zawod tarapyndan her ýyl bir müň tonnadan gowrak kagyz galyndylary gaýtadan işlenilýär. Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky (ÝTÖB) tarapyndan berlen serişdeleriň hasabyna gurlan häzirki zaman önümçilik desgasy daşary ýurtlaryň tehnikalary bilen enjamlaşdyrylandyr. Kärhanada öndürilýän we gaplamada ulanylýan rulonly kagyzylaryň ini 2 metr we ondan hem köpdür. Mundan başga-da, kärhananyň önümçiliginiň düzüminde dokma pudagynda ulanylýan karton önümleri hem bardyr.

Şeýle-de Aşgabadyň Büzmeýin etrabynda gasynlanan karton we gaplama önümlerini öndürýän zawody işleýär. Bu ýerde möhürlenen dürli şekilli karton gutular we konfigurasiýalar daşary ýurtlardan getirilen çig mallary ulanmak arkaly, ýokary tehnologiýaly gasynlanan kartondan ýasalýar. Kärhana iň uly azyk we konditer önümleriniň öndürijilerini, farmasewtleri, çakyr we arak öndürijilerini we beýleki pudaklary taýýar önümleri bilen üpjün edýär.

Çig maly gaýtadan işlemegiň goşmaça göwrümi Mary welaýatynyň Mary şäherinde ýerleşýän gasynlanan kartondan paketleri öndürmek bölümi tarapyndan üpjün edilýär.

Kompaniýa lagym suwlaryň ýygnanýan ýerlerini abadanlaşdyrmagy öz içine alýan Aşgabadyň “Gök guşak” taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň üstünde işleýär. Bu taslama dünýäde iň çalt ösýän Demirgazyk Amerikanyň paulowniýa agajyny köpçülikleýin oturtmagy öz içine alýar.

Mundan başga-da, kompaniýa kagyz galyndylaryny ýygnamak we gaýtadan işlemek bilen innowasion usullary ulanmak we eko-nokatlaryny açmak arkaly BMG-niň “Durnukly şäherler” maksatnamasyna gatnaşýar. Kompaniýa sortlanan galyndylar ýerleşýän ýörite gaplary ulanar. Bu bolsa arassaçylygy ýokary derejede üpjün eder we ýyladyşhana gazlarynyň zyňyndylaryny ýylda 100 müň tonnadan gowragyny azaldar diýip, habarda bellenilýär.

“Toprak” HJ gaýtadan ulanylýan galyndylaryň gerimini giňeltmegi we önümçilik kuwwatyny artdyrmagy meýilleşdirýär. Şeýlelikde kompaniýanyň hünärmenleri şäher galyndylaryny ýygnamak we gaýtadan işlemek üçin täze ýer taslamasyny taýýarladylar. Kompaniýa kagyz we gaplama önümçiligi üçin diňe bir kagyz galyndylaryny däl, eýsem agaçlaryň, ýapraklaryň we oba hojalygynyň galyndylaryny hem ulanmagy göz öňünde tutýar. Bu maksatlar üçin eýýäm gerekli serişdeler bölünip berildi hem-de sellýuloza we kagyz öndürmek üçin enjamlar sargyt edildi.

Häzirki wagtda birnäçe iri hususy kärhanalar we telekeçiler Türkmenistanda kagyz galyndylaryny ýygnamak we gaýtadan işlemek bilen meşgullanýarlar. Ak-Bugdaý etrabynda “Türkmen pamyk” hojalyk jemgyýeti, karton önümleriniň öndürijisi Aşgabatly telekeçi Nazarguly Mämmetgulyýew, Mary welaýatynda galyndylaryny gaýtadan işleýän Täçmyrat Kakageldiýew, Daşoguz welaýatynda hajathana kagyzlaryny öndürýän Tursunbaý Begjanow we Ýoldaş Geldimedow ýalylar önümleriniň hili bilen tanalýarlar. Şu ýyl olaryň hemmesi bilelikde 22 müň tonna kagyz galyndylaryny gaýtadan işlediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň