Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Kakada bahasy 147 million amerikan dollaryndan gowrak bolan täze dokma toplumy açyldy

23:1225.08.2021
0
7965

25-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda gurlan döwrebap dokma toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Umumy bahasy 147 million 850 müň amerikan dollaryna barabar bolan täze toplumyň açylyşyna Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň ýolbaşçylary, dokma pudagynyň işgärleri gatnaşdylar.

Meşhur daşary ýurt önüm öndürijileriniň enjamlary bilen üpjün edilen täze, döwrebap dokma toplumy ýylda 3 müň 650 tonna ýüplük, 12 million inedördül metr dürli görnüşli matalary hem-de 1 million 200 müň sany taýýar tikin önümlerini öndürmäge niýetlenendir.

Kärhananyň ulanylmaga tabşyrylmagy bilen, 1 müň 300 täze iş orny dörediler, öndürilýän ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli önümler bolsa ýurdumyzyň içerki bazarynyň sarp edijiligini üpjün etmek bilen birlikde, eksport kuwwatlyklaryny artdyrmaga-da mümkinçilik berer.

Toplumyň eýeleýän meýdany 18 gektar bolup, önümçilik desgalaryndan başga-da, iki gatly edara binasy, önümçilik ammarlary, ussahana, awtoduralga, ýangyn howpsuzlyk binasy bar. Döwrebap toplum dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň enjamlary bilen enjamlaşdyryldy hem-de onda Italiýanyň we Ýaponiýanyň ýüplük egiriji enjamlary, Belgiýanyň mata dokaýan, Italiýanyň we Germaniýanyň boýag enjamlary hem-de Ýaponiýanyň tikinçilik enjamlary ornaşdyryldy.

Bu ýerde öndürjek ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli önümler ýurdumyzyň içerki bazarynyň sarp edijiligine ýetiriler we daşary döwletlere eksport ediler. Ýüplük egirmek üçin niýetlenilen enjamlar örän tygşytlylygy bilen tapawutlanyp, olar beýleki ugurdaş tehniki enjamlara garanyňda, elektroenergiýany 20 göterim az sarp edýärler.

Türkmen Lideri döwrebap dokma toplumynyň iş aýratynlyklary bilen tanyşdy we bu ýerdäki enjamlar bilen gyzyklanyp, barlaghanadaky enjamlar barada maglumat aldy.

Açylyş dabarasynyň çäklerinde Kaka dokma toplumynyň halkara ülňülerde gurlandygy üçin oňa daşary ýurtly degişli düzümler tarapyndan hil we beýleki şahadatnamalar gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň