Şu gün – 25-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Orazgeldi Gurbanowy işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň bilim ministri wezipesinden boşadyp, bu wezipä Gurbangül Ataýewany belledi. G.Ataýewa häzirki wagta çenli Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Zenanlar birleşiginiň başlygy wezipesinde işleýärdi.
Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Şeýle-de okaň!