Top.Mail.Ru

Arhiw

Baýramaly şäherinde täze halyçylyk önümhanasy açyldy.

23:3023.08.2021
0
6224

23-nji awgustda Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde täze halyçylyk önümhanasy açyldy. Ol “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň Mary çeper halyçylyk kärhanasynyň buýurmasy esasynda guruldy.

Döwrebap ugurdaş enjamlar hem-de degişli inženerçilik-tehniki ulgamlar bilen üpjün edilen önümhanada halyçy gelin-gyzlaryň öndürijilikli zähmet çekmegi üçin ähli şertler göz öňünde tutuldy. Şonuň ýaly-da naharhana, dynç alyş otagy, lukmançylyk bölümi, iş otaglary, maslahatlar zaly, ussahana, çig maly we taýýar önümi saklamak üçin ammar bar. Bu ýerde haly muzeýi hem ýerleşýär. Bu önümhana Mary çeper halyçylyk kärhanasyna degişli şeýle desgalaryň ýedinjisidir. Onda şanly waka mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi guraldy. Däp bolşy ýaly, tapawutlanan gurluşykçylara türkmen Lideriniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň